“Sungata siňen ömür ” atly Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap, “Sungata siňen ömür ” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň sungata bagyşlanan ömri, döredijiliginiň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeklerini bezeýän ajaýyp heýkelleri döreden Saragt Babaýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan neşirleri höwesjeň, bilesigeliji ýaşlarymyz uly höwes bilen okadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de ençeme görnükli şahsyýetlerimiziň keşbini heýkellerde janlandyran ussat heýkeltaraşyň döredijiligi sungaty söýüji ýaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Gurnalan neşir önümleriniň sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda sungaty çyn ýürekden söýýän we türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda yhlasyny gaýgyrmaýan ussatlaryň ömri we döredijiligini Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.