Işan Garaýew barada söhbetdeşlik


Işan Garaýew barada söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan sport» teleýaýlymy bilen bilelikde, sport teswirleýjisi Işan Garaýew barada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ajaýyp ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňişleýin ösdürmekde alnyp barylýan işler hakynda, şeýle-de sport teswirleýjisi Işan Garaýewiň 1976-1978-nji ýyllar aralygynda sport ýaryşlaryny teswirlemekde ussatlyk bilen alyp baran işleri hakynda, şeýle hem «Ýaş kommunist» gazetinde eden çykyşlary hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.