Magtymguly Pyragy we döwletlilik taglymaty


Magtymguly Pyragy we döwletlilik taglymaty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy we döwletlilik taglymaty» atly onlaýn maslahaty geçirildi.

Maslahatda bütin adamzadyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen onlaýn maslahaty geçirildi. Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlan beýik şahsyýet bolandygy onuň dürdäne şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we ruhy edebi pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussady bolup türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşan beýik şahyryň goşgulary dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentde ýaňlanýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Maslahatyň dowamynda Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, alkyş sözleri aýdyldy.