Asylly däplerimiziň dowamaty


Asylly däplerimiziň dowamaty



«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda, ýurdumyzyň durmuşynda boljak şanly seneleriň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy dogrusyndaky şatlykly habar ulus-ilimizi şatlandyrdy. Möhüm döwlet işlerine we aladalaryna, ýokary derejedäki duşuşyklara baý bolan iş tertibinde döwlet Baştutanymyzyň saz ýa-da döredijilik, ylmy iş bilen hem meşgullanmaga wagt tapýandygy, köp sanly taryhy çeşmeleri, arhiw materiallaryny, ol ýa-da beýleki mesele boýunça dürli maglumatlary çuňňur öwrenýändigi hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň ýazyp, tamamlanan täze kitabynyň on iki bölümden ybarat bolmagy, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik barada giňişleýin gürrüň berilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär.
Biz — kitaphana işgärleri we okyjylary döwlet Baştutanymyzyň täze kitabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Gahryman Arkadagymyz taryhy çeşmeleri, gyzykly maglumatlary ylmy esasda öwrenip, oý-pikirinden, parasadyndan geçirip bize ýetirýär. Halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, adatyny, il agzybirligini, döwletlilik ýörelgelerini ýaýyp ýaş nesli terbiýelemekde täze kitabyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýarys.
Halkymyzyň däp-dessurlary uç-gyraksyz ummandyr, ajaýyp medeni mirasdyr. Adat, däp-dessurlar, olardan gelip çykýan kadalar halkyň ruhuny sagdyn saklamak üçin çeşme bolup durýar. Täze kitap ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan däp-dessurlar, köpsanly täsin we manyly durmuş wakalary hakda örän ajaýyp maglumatlary berer.
Gahryman Arkadagymyzyň döredýän her bir eserine buýsanýarys. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýol-ýörelgelerine, asyrlaryň dowamynda bitiren işlerine aýratyn uly hormat goýýar. Asyrlardan-asyra, nesilden-nesle geçip şu günlere ýetip gelen şol asylly ýörelgeleri dowam etdirmek biziň borjumyzdyr.
Täze kitapda halk içinde giň ýaýran rowaýatlaryň, atalar sözüniň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi barada aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň her bir kitabyndan okyjy ruhlandyryjy pikiri hem-de güýji tapyp bilýär, çünki olar hakyky alym we özgerdiji syýasatçy tarapyndan ýazylandyr. Olarda mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan tükeniksiz söýgi, Diýarymyzyň ajaýyp we beýik geljegine bolan berk ynam äşgär duýulýar. Gymmatly kitaplary bilen ulus-ilimizi begendirýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.