Çagalaryň arasynda geçirilen zehin bäsleşigi


Çagalaryň arasynda geçirilen zehin bäsleşigi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda türkmen halk ertekileri hem-de türkmen dili we edebiýat dersi boýunça zehin bäsleşigini geçirdi.

Bäsleşigiň dowamynda dürli tapgyrlar esasynda çagalar özara bäsleşdi. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşik “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Zehinli çagalar” atly gepleşiginde görkezildi.

Bäsleşigiň ahyrynda çagajyklaryň zehinini açyp görkezmäge, olaryň çeper eserleriň, nusgawy edebiýatyň üsti bilen milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenmegine giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.