“Döwletli maslahat - röwşen geljek”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde gurnamagynda “Döwletli maslahat - röwşen geljek” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki Mejlisi geçirildi. Bu maslahatda il-halk döwlet ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edildi. Döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipeleriniň kesgitlenendigi, ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetmegiň ýolunda halkymyzyň jebisligini hem-de agzybirligini berkitjek oňyn teklipler öňe sürüldi. Maslahatda halkymyzyň tekiplerine, ýürek isleglerine laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeistanyň halk maslahatynyň başlyklygyna bellenilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar edilmegi bütin halkymyzda buýsanç duýgusyny döredendigi barada söhbetdeşlikde çykyş edenler giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda il-ýurt bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.