Nowruz geldi, güle besläp dünýäni


Nowruz geldi, güle besläp dünýäni



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi, güle besläp dünýäni» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tebigatyň ynsana ruhubelentlik, şatlyk, jümle-jahana janlanyş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda Milli bahar baýramy döwlet derejesinde, ýurt asudalygynda, il agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de dabarada Milli bahar baýramy mynasybetli kitaphana hünärmenleri özleriniň taýýarlan kompozisiýasy we çeper okaýyşlary bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda Milli bahar baýramyny ýatdan çykmajak öwüşginlere besläp, mähriban halkymyza Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretlerini görmäge, agzybirligimiziň joşgunyny dünýä ýaýmaga ähli şertleri döredip, ata Watanymyzyň rowaçlygy üçin alyp barýan işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.