“Gözellikden dörän sungat”


“Gözellikden dörän sungat”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 59-njy orta mekdepde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Gözellikden dörän sungat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimizde halyçylyk sungaty her bir sebitde sazlaşykly utgaşmasy we çitiminiň nepisligi, görnüşleri, reňklemek üçin ulanylýan önümleri bilen tapawutlanyp, öz aýratynlyklaryna baglylykda ösendigi, dürli hili halylaryň esasy aýratynlygy, olaryň göllerinde hem-de nagyşlarynda jemlenýändigi, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda hem ýurduň bäş welaýatyny aňladýan bäş sany haly gölüniň ýerleşdirilendigi, Türkmenistanyň çeper elli halyçy zenanlary haly dokamak senetçiliginde iki ýüzli halylary hem dokaýandyklary şeýle-de düýp haly, ojakbaşy, namazlyk, çuwal, horjun, torba, gapylyk we başga-da birnäçe haly önümleri türkmeniň ak öýüne görk berýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” hem-de “Janly rowaýat” atly ajaýyp eserlerinden sorag-jogap alyşyldy hem-de çärede gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň haly sungatymyzy dünýä ýaýmakda alyp barýan uly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.