Nusgalyk görelde – nesillere ýörelge


Nusgalyk görelde – nesillere ýörelge

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Nusgalyk görelde – nesillere ýörelge» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ene-mamalarymyzyň kalbynyň owazyndan, on barmagyndan sünnäläp çykan el işleri, döreden milli nagyşlary nesilden-nesle geçip, biziň şu günki günlerimize öz asyl nusgasyny ýitirmän gelenligi barada bellediler. Şeýle-de asyrlaryň müňýyllyklaryň dowamynda köňül kämilliginiň önümi bolan ajaýyp nagyşlarymyz, alajalarymyz bu gün inçeligi, nepisligi bilen göreni haýran galdyrýanlygy we bu nagyşlardan çen tutsak olaryň ählisi diýen ýaly diňe bir milli lybaslara keşdelenmän, eýsem şol nagyşlaryň haly-palaslarda-da jorapdyr, keçelerde-de salynmagy gelin-gyzlarymyzyň zehininiň, çeperçiliginiň, dürdäne döredijiliginiň ösüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşip öwüşgin çaýýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.