«Owazyň ýürege melhemdir, bagşy!» atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde belli türkmen bagşysy, ussat sazanda Girman bagşy Orazsähet Ýagşysähet oglunyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, «Owazyň ýürege melhemdir, bagşy!» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat bagşynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa..», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplarynda beýan edilýän türkmen aýdym-saz sungaty, bu sungatyň aýratynlygy barada çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle-de, kitaphana Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde «Heýkeller – döwrüň keşbi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda heýkeltaraşlyk sungatynyň aýratynlyklary barada şeýle-de ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlarynyň döreden eserleri barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda medeniýetde, sungatda yz goýan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.