“Medeniýet dost-doganlygyň köprüsi”


“Medeniýet dost-doganlygyň köprüsi”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Medeniýet dost-doganlygyň köprüsi” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak baradaky alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap söýüji okyjylarymyz hem medeniýetimize degişli goşgulardyr, aýdymlary şowhunly we labyzly aýdyp berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.