“Arkadagly Serdarymyzyň ak ýoly – bagtyýar ýaşlaryň nurly ykbaly” atly täze “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli geçirilen söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen ýaşlary üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar ýaşlaryň ýurduna öwürmek babatda alyp barýan adyl syýasaty, ata Watanymyzy ägli ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, olara hormatly Prezidentimiz tarapyndan bildirilýän çäksiz ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler ediler.
Duşuşyga gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz bagtyýar çagalygy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.