“Döwletliligiň sakasy – saglyk”


“Döwletliligiň sakasy – saglyk”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 137-nji orta mekdepde “Döwletliligiň sakasy – saglyk” ady bilen gürrüň geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler, görülýän çäreler, ähli gowulyklaryň we rowaçlyklaryň sakasynyň saglykdygy, ynsan üçin saglykdan uly baýlygyň ýokdugy, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alyşy sazlaşykly utgaşdyrmak, ýurdumyzda döwrebap şypahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, ynsan üçin iň zerur zatlaryň biriniň saglykdygy, saglygymyzy goramak, aýap saklamak biziň özümize baglydygy, ony gorap saklamak biziň jana – jan borjumyzdygy, çünki, saglyk ruhubelentligi hem-de bagtly ýaşaýşy peşgeş berýän serişdedigi, saglygyň ähli gowulyklaryň sakasynda duran, adama berlen, bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdigi, her birimiziň arassaçylyk kadalaryny, lukmanlaryň maslahatlaryny berk berjaý etmegimiziň zerurdygy we hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eserlerinde müň derde em bolan ösümlikleriň güneşli ülkämiziň ähli ýerinde giňden ýaýrandygy, olardan melhem taýýarlamagyň usullarynyň ýönekeýligi, her bir adama düşnükliligi, olaryň aýratynlyklary, dermanlyk serişdeleri, himiki düzümleri, taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary barada şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň saglyk pudagyna degişli ajaýyp eserleriniň biziň her birimiz üçin uly gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan, her birimiziň saglygymyzy goramakda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.