“Hoş geldiň Nowruzym, bagtyýar ile”


“Hoş geldiň Nowruzym, bagtyýar ile”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynda “Hoş geldiň Nowruzym, bagtyýar ile” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda her ýyl uludan bellenilip geçilýän Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň taryhy gelip çykyşy, onuň milliligini ýitirmän biziň şu günlerimize gelip ýetişi, halkara derejesinde bellenilişi hakynda gyzykly gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çärä gatnaşýanlar nusgawy şahyrlaryň Nowruz baýramçylygy hakynda ýazan goşgularyny labyzly okadylar.
Nowruz baýramçylygynyň esasy tagamlarynyň biri bolan semeni tagamynyň (Äşe-Patmanyň aşynyň) taýýarlanyşy hakda gürrüň etdiler. Nowruz baýramçylygy barada okalan labyzly goşgular, edilen gyzykly gürrüňler çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.