“Sagdyn nesil-röwşen geljek”


“Sagdyn nesil-röwşen geljek”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 144-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn nesil-röwşen geljek” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaplarynda ynsan saglygyny goramakda möhüm bejerijilik ähmiýeti bolan ösümlikleriň melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy hem-de ulanylyşy bilen bagly maglumatlaryň giňişleýin beýan edilýändigi, şeýle hem döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy we jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň agzybir ilatynyň saglygyny belentde goýýan, olaryň bagtyýar ýaşamagy üçin gijesini gündiz edip işleýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.