“Aşgabat – gözelligiň şäheri”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” binasynda “Aşgabat – gözelligiň şäheri” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede çykyş edenler dünýäniň binagärlik sungatynyň iň naýbaşy gözelligine öwrülen Aşgabadyň ajaýyp köşkleri, belent binalary, dürli ähmiýetli desgalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni-ykdysady ösüşiniň nyşany hökmünde kalplarymyza buýsanç paýlaýandygy, gözel paýtagtymyzyň biri-birinden ajaýyp binalarynyň, ymaratlarynyň, seýilgähleriniň, suw çüwdürimleriniň jemlenen özboluşly sungat eserine öwrülendigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň Aşgabat şäheri hakynda düzülen goşgulary okaldy we baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.