Ömrümiziň aýdymy siz Eneler!


Ömrümiziň aýdymy siz Eneler!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 134-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ömrümiziň aýdymy siz Eneler!» ady bilen duşuşyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenan sarpasy belentden tutulýandygy, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutup, aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň biri bolup durýandygy, şeýle-de zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň berilmegi, indi asylly däbe öwrülip, ýaşaýyş-durmuşymyza aýratyn ýakym saçyp köp çagaly enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, Garaşsyz Watanymyza yzygiderli aladalar edilip, durmuş we döredijilikli zähmet üçin zerur şertleriň döredilýänligi barada bellediler we ýaş nesillerimize zenanlarymyza mahsus bolan el işleri barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ajaýyp döwrümizde mähriban enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.