2023-nji ýylyň geçen 10 aýynda Ahal welaýatyndaky kitaphanalara 105 müňden gowrak okyjy ýazyldy


2023-nji ýylyň geçen 10 aýynda Ahal welaýatyndaky kitaphanalara 105 müňden gowrak okyjy ýazyldy

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň çägindäki kitaphanalara ýazylan okyjylar 8 müň 500-den geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 105 müň 250-ä golaýlady.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, degişli döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 360 müň 700-den gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 54 müňi, çeper edebiýatlaryň 126 müňi, çagalar edebiýatlarynyň 103 müňi, beýleki neşirleriň hem 80 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy.

Welaýatyň kitaphanalarynyň bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sanynyň hem barha artýandygyny bellemek gerek. Ýylyň başyndan bäri kitaphana işgärleri tarapyndan elektron kataloga salnan kitaplaryň sany 8 müňden geçdi diýlip, habarda bellenilýär.