“Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik


“Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň “Ruhnama” adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen türkmeniň milli saz guraly dutaryň ýasalyşy, dutar saz guralynda çalynýan sazlar hem-de türkmen bagşylary barada “Dutaryň inçe syrlary” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bu jadyly senediň il içinde neneňsi hormata eýe bolandygy, irginsiz zähmeti talap edýän dutaryň ýasalyş aýratynlygy, dutary ýasamak üçin tut agajynyň saýlanyp alynyşy barada täsirli gürrüňler berdi. Şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatynda yz goýan ussat bagşy-sazandalarymyzyň döredijiligi barada gyzykly söhbet edildi. Gurnalan kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplaryny kitap söýüji ýaşlarymyz uly gyzyklanma bilen okadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.