«Söz mülküniň şasy» atly sergi öz işine başlady


«Söz mülküniň şasy» atly sergi öz işine başlady

23-nji oktýabrda «Söz mülküniň şasy» ady bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Taryhy muzeýinde sergi öz işine başlady.

Muzeýiň hünärmenleriniň etrap kitaphanasy bilen bilelikde guran sergisinde dana Pyragynyň hala çitilen portreti, dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, türkmen we daşary ýurtly alymlaryň beýik söz ussadymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlap ýazan ylmy kitaplary görkezilýär.

Halypa suratkeşlerimiz Ýakup Annanurowyň, Aýhan Hajyýewiň, Yzzat Gylyjowyň Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanyny hem-de onuň köpöwüşginli döredijiligini sungat arkaly täsirli beýan edýän eserlerine we zergärçilik önümlerine, at esbaplaryna uly orun berilýär.