“Arkadag saýaňda iller bagtyýar”


“Arkadag saýaňda iller bagtyýar”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanyp “Arkadag saýaňda iller bagtyýar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerinde buýsançly wakalar her bir ynsanyň güýjüne güýç goşup, göwünlerini joşdurýandygyny hem-de 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halk, Arkadag, zamana diýen üç mukaddesligiň güýjüne daýanýan Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan, halk bähbitli işleriň diňe öňe ilerleýän döwletdiginiň aýdyň güwäsine öwrülendigi şeýle-de ähli ugurlarda gazanylýan okgunly öňegidişlikler, Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýyrylmaz baglanyşyklydygyny çykyşlarda guwanç bilen aýdyp geçdiler.
Çäräniň dowamynda talyplar Halkyň Arkadagly zamanasyny wasp edýän goşgulary ýerine ýetirip, Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly ajaýyp kitaby esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahrynda ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.