Gadamy batly bedew


Gadamy batly bedew

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Gadamy batly bedew» atly kitap sergisi gurnaldy.

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynyň daşary ýurt dillerinde çap edilen nusgalary goýuldy. Olardan türkmen, iňlis, rus, hindi, hytaý, nemes dillerinde neşir edilen Gahryman Arkadagymyzyň bedew hakynda ýazan ajaýyp kitaplary, maglumatlara baýlygy, wakalaryň düýpli hem-de düşnükli beýan edilmegi bilen tapawutlanýar. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!