Paýhasyna älem haýran Pyragy


Paýhasyna älem haýran Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Paýhasyna älem haýran Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür-dänesi kimin çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda uly täsir edýändigini barada giňişleýin gürrüň berdiler.