Ahalteke bedewi – kämilligiň nusgasy


Ahalteke bedewi – kämilligiň nusgasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi – kämilligiň nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýan günlerinde, halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegi bolup, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, eşretli durmuşda ýaşadýan halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.