“Melhemlere baý eserler”


“Melhemlere baý eserler”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Melhemlere baý eserler” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyrýan umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp beýik işleri durmuşa geçirilýändigi şeýle-de bedew batly ösüşlere beslenip gelýän “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaş nesillerimizi sagdyn durmuş ýöregeleri bilen terbiýelemekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitaby, “Türkmenistan – melhemler mekany” atly ylmy kitaplarynda ýerleşdirilen ösümlikleriniň ynsan saglygyna peýdaly dermanlyk häsiýetleriniň taýýarlanyşy we durmuşda ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy, halkyň saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.