«Sagdynlyk – bagtyýarlyk»
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde «Sagdynlyk – bagtyýarlyk» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphananyň gurnan «Sagdynlyk – bagtyýarlyk» atly sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.