«Bitarapdyr – Arkadagly Watanym!»
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk dabarasy ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýär.
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Bitarapdyr – Arkadagly Watanym!» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda bitirilen ägirt uly işler barada okuwçylara gürrüň berdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar hem Bitarap Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy gülletmek ugrunda bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.