«Maşgala edep-terbiýe mekdebidir»
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa bimöçberdir. Ähli raýatlar bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Wagyz nesihat çäresine gatnaşyp, çykyş eden myhmanlar däp-dessurlarymyz, adatlarymyz, durmuşyň ähli ugurlaryndaky ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize gelip ýeten häsiýetler barada täsirli söhbetleri etdiler. Ak saçly enelerimiz gyz –gelinleriň edep terbiýesi, görüm-göreldesi barada hem durup geçdiler. Çäräniň soňunda bize döredip beren mümkinçilikleri üçin sag bolsunlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.