Garaşsyzlyk buýsanjydyr kalbymyň


Garaşsyzlyk buýsanjydyr kalbymyň



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki 73-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk buýsanjydyr kalbymyň» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda bu gadymy Diýarda asyrlara barabar işleriň edilendigi we ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleri barada belläp geçdiler.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda öz halkyny agzybir, parahat durmuşda ýaşadýan, bütin dünýäde parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmak üçin tükeniksiz işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.