“Kitap – ynsan kalbynyň şamçyragy” ady bilen gurnalan neşir önümleriniň hem-de amaly haşam sungatynyň eserleriniň sergisi


“Kitap – ynsan kalbynyň şamçyragy” ady bilen gurnalan neşir önümleriniň hem-de amaly haşam sungatynyň eserleriniň sergisi



Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkezinde “Kitap – ynsan kalbynyň şamçyragy” ady bilen gurnalan neşir önümleriniň hem-de amaly haşam sungatynyň eserleriniň sergisine öz göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän ajaýyp kitaplary şeýle-de çagalar üçin niýetlenen neşirleriň ençemesi ýerleşdirildi. Sergä kitaphanaçylar kitap söýüji okyjylar gatnaşdylar. Gurnalan neşir önümleriniň sergisi kitap okamagy söýýän okyjylarymyzda aýratyn täsir galdyrdy.

Gurnalan neşir önümleriniň sergisine gatnaşanlaryň ählisi kitaba mukaddeslik hökmünde garaýan, okamaga, öwrenmäge, neşir önümlerini kämil derejede neşir etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.