«Älem syry kitap bilen açylýar»
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda aprel aýynyň 20-ine Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergiler zalynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Älem syry kitap bilen açylýar» atly gepleşik ýazgy etdi. «Sagdyn ýaşaýyş – eşretli ömür» atly şygar esasynda ýazgy edilen gepleşigiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy işi barada täsirli gürrüňler edildi. Bu gymmatly kitapda ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň keselleri bejermekdäki ähmiýeti, peýdalanylyşy, aýratynlygy barada şeýle-de kitabyň üsti bilen Watanymyzyň geljegi bolan ösüp barýan ýaş nesillerde ene topragymyza, gözel tebigatymyzyň dagyna, düzüne, çölüne bolan söýgini döretmekdäki ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler edildi. Neşir önümleri esasynda gurnalan göçme sergi gepleşige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Gepleşigiň ahyrynda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.