Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy


Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda täze 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Ý.Kakaýew adyndaky nebit we gaz uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnady. Sergä gatnaşanlar Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylaryny uly höwes bilen okadylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan sergi talyp-ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar halkymyzyň eşretli, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.