Arkadag şäheri – geljegiň şäheri
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arkadag şäheri - geljegiň şäheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Ýaňy – ýakynda ýurdumyzyň beýik ösüşlerini beýan edýän Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrüldi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň öň ýanynda täze kitabyň halkymyza sowgat berilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çärede Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl eýsem, dünýäde nusgalyk şäherdigini aýdyň beýan edýär we şonuň üçin hem täze çap edilen “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly täze kitap okyjylaryň buýsanjyny goşalandyrýandygy, häzirki döwrümiziň beýik ösüşlerini beýan edýän Arkadag şäheri ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrülendigini şeýle-de täze kitabyň üç dilde neşir edilendigini aýratyn buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!