“Keşdeçilik sungaty - budur miras gymmaty”


“Keşdeçilik sungaty - budur miras gymmaty”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda “Keşdeçilik – sungaty budur miras gymmaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede eziz Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek we ösdürmek ugrunda möhüm işleriň alnyp barylýandygyny hem-de sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty belentde tutulýandygyny şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýýan wezipelerinde geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ony ertirki güne ýetirmegiň her döwrüň öňünde durýan borçdygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda okyjylar gelip gowşan “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly kitabyň halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanandygy şeýle-de bu kitapda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň çeper el işleri, hem-de sünnäläp bejeren kürtesi, inçeden syk ören gülli joraby, hem bu kitapda gadymy keşdeçilik sungatynyň ýerine ýetiriş usullary, tärleri barada belläp geçdiler.
Çäräniň soňunda Milli mirasymyzy medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde uly işler alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.