Türkmen atlary - türkmen halkynyň milli buýsanjy
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň Kitaphanalara abonement bölümi, Kärdeşler arkalaşygy hem-de Türkmen atlary kitaphanasynyň işgärleri bilen bilelikde «Türkmen atlary - türkmen halkynyň milli buýsanjy» atly sergisi gurnaldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen sergide, gelen myhmanlaryň birnäçesi gyzykly çykyşlary etdiler. Çykyş edenleriň içinde hormatly Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan birnäçe gyzykly ýerleri belläp geçdiler. Sergiň dowamynda medeniýet işgärleri tarapyndan aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi. Baýramçylyk mynasybetli kärdeşler arkalaşygynyň işgärleri tarapyndan çykyş edenlere hormatly Prezidentimiziň sowgat-serpaýlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.