“Ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar we kitaphanada alnyp barylýan işler” ady bilen kitaphana işgärleriniň arasynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik guraldy


“Ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalar we kitaphanada alnyp barylýan işler” ady bilen kitaphana işgärleriniň arasynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik guraldy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni, her bir täze ak säheri täze-täze ösüşlere, syýasy wakalara, beýik-beýik ýeňişlere beslenýär.
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi, onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda geljekki nesillerimize ýurdumyzy dolandyrmakda hem ynam bildirip boljakdygy barada öňe süren başlangyjy türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak syýasy wakalaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Prezident saýlawlary örän üstünlikli geçip, halk öz mynasyp Ogluny Prezidentlige saýlady. Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasat bu gün dünýäde giňden belli bolmak bilen,”Döwlet adam üçindir” diýen şygar bu gün biziň agzybir halkymyzyň esasy ýörelgesidir.
Şu günki söhbetdeşlige gatnaşan kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda medeniýeti, ylym-bilimi ösdürmek babatda öňde goýýan maksatnamasyna jogap edip, öz kitaphanalarynda guralýan işleri has-da döwrebap, talabalaýyk alyp barmakda öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklary hakynda şeýle-de kitabyň, ynsanyň, jemgyýetiň öňündäki orny, ähmiýeti barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.