“Dutaryň owazy-parahatçylyk sazy”


“Dutaryň owazy-parahatçylyk sazy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Dutaryň owazy-parahatçylyk sazy” ady bilen aýdym-sazly gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, birek-birege ynanyşmagyň nyşany hökmünde ençeme asyrlardan bäri türkmen topragynda belentden ýaňlanyp gelen milli aýdym-saz sungatymyzyň umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülip “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen belent ruhda başlanan 2022-nji ýylyň şanly gadamlaryna joşgun berýändigi, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek we bitewüligi bilen ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek babatda yzygiderli amala aşyrýan tagallalarynyň miwesidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabyndan “Saz – söhbet – ynsanyň ýagşylyk paýy ” atly bölümini kitaphanamyzyň hünärmeni çärä gatnaşanlara sesli okap berdi. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.