Arkadagyň sungaty, göwünleriň ganaty.


Arkadagyň sungaty, göwünleriň ganaty.



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Arkadagyň sungaty, göwünleriň ganaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem ösüşleriň gazanylýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty hem döwrebap ösüşlere eýe bolýanlygy, türkmen medeniýeti, sungaty inçeligi özüne siňdirýän milli däp – dessurlary, amaly – haşam işleri, şirin owazly aýdymlary, mukamlary bilen beýikdigi, Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde has-da ähmiýetiniň uludygy, medeniýetimize, sungatymyza bimöçber sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin – başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri döredýändigi, medeniýet we sungat işgärlerine şaserpaýlary, hormatly atlary dakýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli kitap sergisi we 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylarynyň surat sergisi gurnaldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.