Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna sowgat berlen kitap barada


Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna sowgat berlen kitap barada



Annamyradow, D. Dünýäniň yşky : Hekaýalar, nowellalar, esseler, miniatýuralar / red. S. Şaýymow. – A.: TDNG, 2021. – 518 s.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň elimizdäki täze “Dünýäniň yşky” atly liriki eseri çeper öwrümlere, duýgulara, garaşylmadyk yşky çözgütlere, nowella häsiýetli wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Kitapda adam ykbaly inçe lirizmiň üsti bilen täze öwüşginlerde açylýar. Eserde çaga psihologiýasy hem öň ulanylmadyk görnüşlerde inçeden yzarlanýar. Bu liriki hekaýalar çemeni proza bilen poeziýanyň arasyndan salnan täze bir ýol diýip hasaplamak bolar.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň elimizdäki täze “Dünýäniň yşky” atly liriki eseri kalplary yşkdan doly ýaşlara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.