Abadan ýurduň bagtyýar geljegi
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ýurdumyzda alnyp barylýan ösüşlerimiz barada «Abadan ýurduň bagtyýar geljegi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynyň maslahatynda ýurdumyzda çagalaryň döwrebap, bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek ugrunda ähli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemme taraplaýyn sazlaşykly ösmegi jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.