Saglyk iň uly baýlyk


Saglyk iň uly baýlyk



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynda “Saglyk iň uly baýlyk” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynyň umumy ylmy ugurly bolmak bilen bir hatarda, aň-düşünjäni artdyryp, peýdaly maglumatlary özünde jemleýändigi we bu kitabyň köp sanly okyjylar köpçüligine halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegine ýakynlaşmaga hem-de türkmen tebigatyny öwrenmäge ýardam edýänligi, şeýle-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyň adata öwrülendigi we saglygy goraýyş ulgamynda ynsan saglygyny goramak baradaky alada esasy wezipeleriň hatarynda bolup, sagdyn jemgyýetiň esaslanmagyna aýdyň ýol açýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan gurnalan sergi oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.