“ Akyl ummanynyň Beýik danasy”


“ Akyl ummanynyň Beýik danasy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Akyl ummanynyň Beýik danasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli edebiýatymyzyň ynsanperwerlik, parahatlyk, agzybirlik ýaly düşünjeleriniň mazmunyny has-da baýlaşdyran, ajaýyp pikirleri, adamzat jemgyýetçiligine watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, mertlige, edermenlige, halallyga, adamkärçilige, dost-doganlyga çagyrýandygy, bu şygyrlar ähli döwürlerde hem terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmän gelendigi, şahyryň çuň mazmuna ýugrulan goşgulary türkmen halkynyň ruhubelentlige we ruhy ahlaklylygyna oňyn täsirini ýetirýänligi, Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi ähli döwürlerde bolşy ýaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, uly ähmiýete eýedigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.