Saz eýlese dutar - gyjak


Saz eýlese dutar - gyjak

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň aýdym–saz topary «Saz eýlese dutar – gyjak» atly duşuşygy geçirildi.

Aýdym–sazly duşuşykda türkmen saz sungatynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny türkmen nusgawy şahyrlarynyň, şygyrlarynda we dürli taryhy çeşmelerde görmek bolýar. Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr sazlara uly orna degişlidigine kämil derejede, döredilen mukamlarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Esasan, türkmen halkynyň dutar, gyjak, tüýdük ýaly milli saz gurallary bolupdyr. Ata Watanymyz Türkmenistanda aýdym-saza, sungatyň gudratly güýjüne uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň, çuň özgertmeleriň çeper many-mazmuny aýdym-sazyň, sungatyň şirin owazy bilen halka ýetirilýär, şeýle hem ýer ýüzüne wagyz edilýär.

Çäräniň dowamynda 5-nji çagalar sungat mekdebiniň aýdym–saz topary eziz Watanymyzyň waspy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny aýdym-saza geçirip täsirli çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri alkyş sözleri aýdyldy.