Beýik şahsyýetlerimiziň öçmejek şöhleleri


Beýik şahsyýetlerimiziň öçmejek şöhleleri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde «Beýik şahsyýetlerimiziň öçmejek şöhleleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler geçmişde yz galdyran beýik şahsyýetleriň, meşhur türkmen ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligini, eserlerini giňden öwrenilip, ýaş nesilleriň arasynda wagyz edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de «Ylham» seýilgähinde ýerleşdirilen beýik şahsyýetleriň heýkellerine ser salaňda göýä asyrlaryň jümmüşine alyp gidýän taryhyň sahypalaryny agdarýan ýaly bolýandygyny, beýik şahsyýetleriň eserleriniň öz döwründe biri-birinden tapawutlanýandyklaryny we özboluşly häsiýetleriniň bardygyny aýratyn bellediler. Mundan başga-da, ata-babalarymyz bilen öz aramyzdaky ruhy üznüksizligi dikeltmek hem berkitmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýandygy hakynda aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimiziň sarpasyny belentde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.