Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet


Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde geçirilmeginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby taryhy öwrenmekde gymmatly maglumatlary özünde jemleýändigini nygtap geçdiler. Ajaýyp kitapda gadymy we juwan şäheriň şöhratyny, halkymyzyň şu günki ajaýyp döwründe ýaşaýandygy hakynda hem täsirli gürrüň edildi. Kitapda berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler öz beýanyny tapýar diýip çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. Olar çykyşlarynyň soňunda ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.