Baýdagyň belentdir dünýäň ýüzünde


Baýdagyň belentdir dünýäň ýüzünde

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kalga otagynda ýakynda «Baýdagyň belentdir dünýäň ýüzünde» atly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap okyjylaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Kanunlaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada täsirli söhbetler edildi. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar mukaddes Baýdagymyzy we adyl Kanunymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýdyp, söhbetdeşligimiziň has-da täsirli geçmegine ýardam etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we mukaddes türkmen tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.