Täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döredijiligiň, ylham-joşgunynyň zamanasy


Täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döredijiligiň, ylham-joşgunynyň zamanasy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Garajaoglan” seýilgähinde “Täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döredijiligiň, ylham-joşgunynyň zamanasy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlarda şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, milli mirasymyza sarpa goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň uly gollanma bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzy, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgulary okadylar.
Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşler-özgerişler döredijilik işgärleriniň ylhamynyň hem has-da joşmagyna getirýär. Şeýle-de döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden kitap sergisi gurnaldy we ol ýerdäki birnäçe kitaplardan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.