Kitaphana—lebzi halalyň jaýy


Kitaphana—lebzi halalyň jaýy



Gadymy Merw — özüniň kitaphanalarynyň köplügi bilen dünýäni haýran eden şäher. Merwde ençeme kitaphana bolup, şolaryň 2-si zenanlara niýetlenilen eken. Ir döwür «Dumaýriýe» kitaphanasyna gelen jahankeşde bu kitaphanadan birnäçe kitap alyp, öz düşlän kerwensaraýyndaky hüjresine baryp ýekelikde arkaýyn okamak isläpdir. Emma ýanyndan kitaplara derek zamun, girewine goýar ýaly zat çykmandyr. Döwründe her biri 200 dinarlyk kitaplar berk gorag astynda saklanar eken. Jahankeşde alym kitaplary sypalap-sypalap, ýerinde goýup, gynançly halda yzyna öwrülýär. Ol zamanlar soltanyň hazynadary bilen deň hasaplanylan kitaphanaçy müýnürgäp barýan myhmany saklap, «Ylma-bilime suwsanlygyň çyn eken, kitaplary al. Onsoňam, biziň kitaphanamyzda kitaba zamun alynmaýar» diýipdir. Myhmanyň ýüz-gözünde geň galmak alamatyny gören kitaphanaçy sözüni dowam edýär: «Kitaphana lebzi halalyň, halal süýt emeniň jaýydyr. Bu kitaplar Allanyň gudraty, soltanyň sahawatydyr. Galyberse-de, gümrükhanada söwdagärleriň, jahankeşdeleriň ýanyndan çykan kitaba, şol kitaby satan ýa sowgat beren adamyň kepil haty goýulýar. Galan gymmatlyklara, altyn-kümüşe-de kepil hat soralmaýar» diýýär. Şeýle gymmatlyga deňelen mukaddeslikler mongol-tatar çozuşynda näbelli ýagdaýda ýitip gidýär.
Türkmen halky Garaşsyzlyk, Bitaraplyk bagtyna eýe bolansoň, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda obalarda, etrapdyr şäherlerde, welaýat merkezleridir ak şäherimiz Aşgabatda owadanlygy, ululygy bilen jahankeşdeleri haýran edýän kitaphanalar guruldy. Bu kitaphanalar müňlerçe kitaplary özünde jemleýär.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW