“Bitaraplyk synmaz ýoly türkmeniň”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk synmaz ýoly türkmeniň” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri, özgerişleri, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygy, ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgeleri barada çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimiziň ata Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, buýsanjy, röwşen geljege ynamy, hyjuwy, döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda her bir günümizi bagtly geljege, ýagty ertirlere atarýan hem-de ýaş nesillerimize ählitaraplaýyn görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň belent, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.