“Kitap – bahasyz baýlyk”


“Kitap – bahasyz baýlyk”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Kitap – bahasyz baýlyk” ady bilen sergi gurnaldy we gürrüň geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmekleri, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ugurtapyjy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerdäki geçirilýän çäreler uly ähmiýete eýe bolup durýar. Çärede ýaş nesilleriň okamagy, bilim almagy, dünýä gymmatlyklaryna akyl ýetirmegi üçin kitaplaryň zerur bolup durýandygy, Garaşsyz ýurdumyzda päk ýürekli, ahlak taýdan arassa, Watana wepaly, milli ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň uly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.